Russiýanyň Ýekaterinburg sebitiniň hukuk goraýjylarynyň etniki azerileriň ýaşaýan jaýlaryna geçiren reýdleri Balkan sebitinde ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde, bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan etniki azerileriň, gazaklaryň arasynda uly nägilelik, gahar-gazap döretdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Bakuwdaky ilçihanasynyň wekilini çagyryp, bu reýdlere garşy berk protest bildirdi. Resmi Bakuwyň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň iki raýaty "wagşylarça öldürildi", birnäçe adam ýaralandy, 9 adam tussag edildi.
Rus neşirleriniň ýazmagyna görä, 27-nji iýunda, irden geçirilen reýdler netijesinde Ýekaterinburgda 50-den gowrak azerbaýjanly tussag edildi. Habarlarda bu reýdler 2001-nji ýylda öldürilen Ýunis Paşaýewiň işi bilen baglanyşdyrylýar, esasy güman edilýänler doganlar Guseýn we Ziýaddin Safarowlar bolup, olaryň biri reýd wagtynda jan beripdir.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Ýekaterinburgdaky tussag edilmeleriň jenaýat derňewiniň çäginde, kanun esasynda amala aşyrylandygyny öňe sürdi. Diplomat güman edilýänleriň Russiýanyň raýatlary bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmen metbugaty daşardaky türkmenler barada dymýar
Türkmen metbugaty bu hili habarlary bermeýär, türkmenistanlylar olary rus we azeri habar serişdlerinden, sosial ulgamlardan alýarlar.
“Orsýet türki halklary ýigrenýär, ukrain urşuna esger tapmasa, Putin režimi post-sowet ýurtlarynyň halklarynyň üstünden düşmegi adaty ýagdaýa öwürdi” diýip, balkanly ýaşaýjy mundan öň Russiýada merkezi aziýaly zähmet migrantlaryna garşy görlen eden-etdilikli çäreleri ýatlatdy we bu hereketleriň sosial ulgamlarda “gaty ýazgarylandygyny” belledi.
“Häzir hem türkmenistanlylar tik-tokda azerbaýjanly doganlarymyza duýgudaşlyk bildirip, rus hukuk goraýjylarynyň ýowuz çemeleşmelerini ýazgaryp, teswirler ýazýarlar...”
Rus hukuk goraýjylary aprel aýynda Moskwada merkezi aziýaly emigrantlaryň dynç alýan hammamyny gabap, ol ýerdäki adamlary 5 sagatlap urdular we kemsitdiler... Tutulanlaryň beden gurluşy taýdan iň gujurlylaryny alyp gitdiler, sakgallylary aýratyn äkitdiler, olaryň biriniň sakgalyny şol ýerde bölekleýin syrdylar diýip, metbugat habarlarynda aýdyldy.
Bu waka barada çap edilen habarlarda wideo görnüşleri, urulýan adamlaryň sesleri hem paýlaşyldy.
Rus hukuk goraýjylarynyň merkezi aziýalylar babatdaky eden-etdilikleri 8-nji iýunda, Moskwada işleýän emigrantlaryň ýaşaýan jaýlaryna geçirilen reýdlerde hem gaýtalandy.
Azerbaýjan 'daşardaky azerileriň arkasynda durýar'
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň birnäçesi goňşy halkyň we azeri hökümetiniň öz ilatyna berk arka durmagyna, adamlaryň bu wakadan köp geçmänkä Bakudaky rus ilçihanasynyň öňünde protest çäresini geçirmeklerine guwanjyny bildirdi.
“Azerbaýjan hökümetiniň Russiýa bilen baglanyşykly ähli çärelerini doly ýatyrmagyny uly mertlik hasaplaýaryn. Eger-de Orsýetde türkmenler taýak bilen ýenjilse-de, türkmen hökümeti öz türkmeninden habar alar öýdemok. Halkyň, milletiniň arkasynda durýan hökümet bizde ýok, bitaraplygy bahana edip, öz halkyny günäkär edýär, bu diňe gorkaklykdan başga zat däl” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.
Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi ýurtda Russiýanyň döwlet we hususy edaralary bilen bagly öňden meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýatyrylandygyny, muňa rus hukuk goraýjylarynyň azerbaýjanlylara garşy etniki alamatlar esasynda gören çäreleriniň sebäp bolandygyny aýtdy.
"Ýekaterinburgda bolan wakadan soň türkmenistanlylaryň arasynda Ylham Alyýewiň abraýy has-da ýokarlandy, köp adam ‘oňa diktator diýýär, hakyky diktator görmek üçin Türkmenistanda ýaşap görüň” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy..
“Azerbaýjanyň mert prezidenti bar, halky, topragy üçin ýeňiş gazanmagy başaran bir lider ol, Orsýetden gorkup, ýalbaryp ýaşaýan gorkak däl, Azerbaýjan howa ýollarynda bolan hadysada hem Orsýetden hasap sorap bilen prezident...” diýip, balkanly ýaşaýjy sözüniň üsyüni ýetirdi.
Azatlygyň öz wagtynda habar berşi ýaly, Azerbaýjan hem adam hukuklaryny gödek bozmakda, žurnalistleri ýanamakda berk tankyt edilýär.
Goňşusyndan tapawutlylykda, Türkmenistan daşary ýurtlardaky, şol sanda Russiýadaky raýatlary barada özünde bar bolan we daşary ýurt metbugatynda çykan maglumatlary öz ilatyna ýetirmeýär.
Aşgabat Russiýa gidýän migrantlary 'saklamaga çalyşýar'
Şu aralykda, Russiýadaky migrantlaryň düşýän kyn ýagdaýlary ol ýerden iş, gazanç gözleýän türkmenistanlylaryň belli bir derejede azalmagyna, Aşgabadyň käbir çäreleri görmegine sebäp bolýana meňzeýär.
Interfaks agentliginiň Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Russiýa syýahata gelenleriň sany 41% azalyp, 9 müň 290 adama deň bolupdyr.
Ýatlatsak, Aşgabadyň Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşygy ýatyrmak ugrunda eden tagallalary syýahatçylyk wizasyny alyp, Russiýa işlemäge gidýän türkmenistanlynyň köpelmegine sebäp boldy. Ýöne soň, migrant türkmenleriň Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuna hakyna tutma bolup gatnaşýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, Aşgabat bu ýurda gidýän raýatlaryny ýoldan saklamaga başlady.
Emma muňa garamazdan, synçylar Russiýada has kyn ýagdaýa düşüp biljek türkmenistanlynyň müňlerçedigini öňe sürýärler.
Metbugat habarlaryna görä, şu ýyl Russiýanyň Pskow oblastyna hemişelik göçenleriň 40%-den gowragy Türkmenistandan gelenler bolup, bu ýurtda 47 müň çemesi türkmenistanly student bilim alýar.
Aşgabadyň resmi taýdan boýun almaýan işsizligi, giň ýaýran korrupsiýa köp adamy ýurtdan gitmek pikirine itekleýär we gidenleri yzyna gelmekden saklaýar diýip, synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum