Moskwanyň deportasiýa merkezlerine günde polisiýa tarapyndan saklanan işçi migrantlaryň ençemesi düşýär. Russiýa gazanç etmäge baryp, migrasiýa häkimiýetleriniň eline düşýänleriň ençemesi Merkezi aziýanyň raýatlary bolup, olaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar. Russiýada saklanyp, deportasiýa edilen türkmen raýatlary barada anyk statistika maglumatlary elýeter däl, emma Azatlygyň habarçylary käbir ýagdaýlary anyklap bildiler.
Türkmenistanyň onlarça raýaty häzir Moskwanyň deportasiýa merkezlerinde saklanýar. Öz ýurduna ugradylmagyna garaşýan adamlar elhenç şertlerde saklanýar we olara rehimsizlik görkezilýär diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan birnäçe çeşme habar berdi.
"Ýigitler Türkmenistanyň raýatlary. Olar Russiýa Federasiýasyna üç aýlyk myhman wizasy boýunça işlemek üçin gelipdir" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri 30-njy iýunda habar berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmelere görä, wizasynyň möhleti geçen jemi 50 golaý türkmenistanly ýaňy-ýakynda bir wagtda saklanypdyr. Deportasiýa merkezine ýerleşdirilen türkmen raýatlarynyň ýarysy ýurduna ugradylypdyr, ýarysy deportasiýa garaşýar.
"Polisiýa işgärleri tarapyndan ele salnan türkmenistanlylar deportasiýa edilmek üçin migrasiýa merkezine ýerleşdirildi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Ýene bir çeşme türkmen migrantlarynyň saklanýan şertleri barada gürrüň berdi.
"Jemi bir otagda 50 adam bardy. Olaryň şahsyýetini tassyklanlaryndan soň, 25 adamy Türkmenistana ugratdylar. Galan 25 adam deportasiýasyna garaşýarlar. Olar pulsuz we aç, suwsuz saklanýarlar" diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň Russiýanyň deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen raýatlarynyň ykbalyndan habar tutup-tutmazlygy barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan teswir alyp bilmedi.
Çeşmeleriň bellemegine görä, türkmen raýatlary adatça 3 aý möhletli myhman wizasy ýa-da gysga möhletli syýahatçylyk wizasy boýunça barýarlar. Wizasynyň möhleti tiz gutaryp, olar bikanun ýagdaýda galýarlar we migrasiýa häkimiýetleriniň eline düşýärler.
Olaryň bikanun ýagdaýyndan käte iş berijiler hem peýdalanýarlar, ýagny edilen iş üçin tölemän, olary polisiýa tabşyrýarlar.
"Moskwanyň etegindäki Puşkino şäherinde gurluşykda işlän türkmenler öz işini ýerine ýetirdiler. Ýöne işi gutaryp barýarka, iş beriji türkmen işçileriniň patentleriniň we wizalarynyň möhletiniň gutaranlygyny bilip, olaryň ýerine ýetiren iş hakyny bermejek bolup, olary polisiýa tabşyrdy" diýip, çeşme ýarym ýyl mundan ozal bolan ýagdaýlaryň biri barada gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşmeler türkmen raýatlaryny daşary ýurtlara gazanç üçin gitmäge Türkmenistandaky işsizligiň we ykdysady çökgünliligiň iterýändigini belleýärler.
"Türkmenistanyň raýatlary oz watanynda işlemek we gazanç etmek mümkinçiliklerinden mahrum. Emelsiz we açgöz hökümetiň diýdimzor we gözboýagçylykly syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň işe ukyply, emma işsiz galan raýatlary ýurdy terk edip, ýat ýurtlarda sergezdan hem-de hor-homsy durmuşa mejbur edilýärler" diýip, ýene bir çeşme öz pikirini paýlaşdy.
Russiýada, Türkiýede we beýleki ýurtlarda iş migrasiýasyndaky türkmenistanlylar köplenç türkmen resmilerinden kömek alyp bilmeýändigini we öz haklaryny goramakda ejiz galýandygyny belleýärler.
"Deportasiýa merkezinde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän ilçihanasynyň we konsulhanasynyň öz raýatlaryna eýe we hossar çykmaýandygy üçin, Türkmenistanyň raýatlaryny mal ýataga gabalyşy ýaly, üsti açyk howluda saklap, şahsyýetleri anyklanýança aç saklaýarlar we diňe irden el-ýüzüni ýuwmaga rugsat berýärler" diýip, deportasiýa merkezindäki ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme gürrüň berdi.
Türkmenistanyň ilatynyň zähmet migrasiýasyna gitmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Türkmen hökümeti migrasiýa meselesini açyk agzamadyk wagtynda, ýurt raýatlarynyň ençeme ýurtda, şol sanda Türkiýede, Orsýetde, Polşada, Gürjüstanda, ABŞ-da işleýändigi, käbir halatlarda bikanun ýagdaýda galýandygy bilen bagly ýagdaýlar köpçülige mälim bolýar.
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň Russiýa zähmet migrasiýasy, olaryň migrasiýa düzgünlerini bozmagy we deportasiýa edilmegi, şeýle-de adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlary açyk agzamaýar. Türkmen hökümetiniň daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýada agyr ýagdaýa düşen öz raýatlaryna berýän kömegi barada DIM-niň we ilçihanalarynyň websaýtlarynda resmi maglumat ýerleşdirilmändir.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa gidýän raýatlaryny ýurtdan çykarmazlyk boýunça çäre görýärler. Raýatlar sebäbi düşündirilmezden, köpçülikleýin uçardan düşürilýär. Bu ýagdaýda türkmen raýatlarynyň arasynda galp dokumentleri edinmek islegler arýar we raýatlar hilegärleriň aldawyna düşýär.
"Türkmenistanyň raýatlarynyň bu çykgynsyz halyndan peýdalanýanlar olary işledip, talaýan adamlar. Polisiýa bilen dil düwşükdäki ynsapsyz işewürler we muňa goşulýan Türkmenistanyň raýatlary guramaçylykly toparlary hem döredýärler. Olar süýji wadalar we hile ýollar bilen Türkmenistanda işsiz kösenýän watandaşlaryny daşary ýurtlara çagyryp, olary tas mugtuna işledýärler" diýip, çeşme aýdýar.
Russiýada migrantlara garşy reýdler we kanun goraýjylar tarapyndan ýowuz çemeleşmeler 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Krokusda bolan ölümli terrorçylyk hüjüminden soň has güýçlendi. Şonda şübhe bildirilip, dört täjik raýatynyň tussag edilmeginden soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen migrantlar Russiýada yzarlamalara we zorluga duçar boldular.
2024-nji ýylyň tomsunda Russiýanyň häkimiýetleri polisiýa işgärlerine suduň karary bolmasa-da, migrantlary ýurtdan kowmaga has köp ygtyýar berdiler we kanuna üýtgetmeleri girizdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum