Azerbaýjan Russiýa bilen baglanyşykly medeni çäreleriň ählisini ýatyrdy

Azerbaýjanyň baýdagy

Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi ýurduň çäklerinde Russiýanyň döwlet we hususy edaralary tarapyndan meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýatyrylandygyny mälim etdi. Ministrligiň maglumatynagörä, bu karar Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde “etniki gelip çykyşy esasynda azerbaýjanlylara garşy maksatly gönükdirilen hereketleriň” netijesinde kabul edildi.

Ýatyrylan çäreleriň hatarynda konsertler, festiwallar, sergiler, sahna oýunlary we beýleki medeni programmalar bar. Bu çäreler üçin bilet alan raýatlar biletlerini yzyna tabşyryp, töleglerini alyp bilerler.

Baku bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar 27-nji iýunda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde asly azerbaýjanly 50-den gowrak adamyň saklanylmagy bilen başlandy. Bu wakanyň netijesinde iki adam heläk boldy, ýene iki adam agyr ýaralandy. Azerbaýjan bu waka bilen bagly günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.

Azerbaýjandaky rus jemgyýeti Russiýanyň eden hereketlerini ýazgardy we Ýekaterinburgdaky wakalaryň obýektiw derňelmegine çagyryş etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu çäreleriň agyr jenaýatlar boýunça alnyp barylýan derňewleriň çäklerinde geçirilendigini we ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy.