Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň parlamenti dil baradaky kanuna üýtgetmeleri kabul etdi


Gyrgyzystanyň parlamenti
Gyrgyzystanyň parlamenti

Gyrgyzystanyň parlamenti (Žogorku Keneş) döwlet diliniň ulanylyşy bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny makullady.

Resmi dokumente görä, döwlet gullugynda işleýänler, şol sanda kazylar, prokurorlar hem-de parlament deputatlary gyrgyz döwlet dilini hökmany ýagdaýda bilmeli bolar.

Täze kanuna laýyklykda, Gyrgyzystanda telewideniýe we radio gepleşiklerinde gyrgyz dilindäki mazmunyň paýy indi 60%-den pes bolmaly däldir. Ilatly nokatlaryň atlary hem gyrgyz dilinde ýazylmalydyr, mahabatlarda gyrgyz dilindäki ýazgy rusçadan has uly şrift bilen görkezilmelidir. Mekdeplerde bolsa döwlet dili boýunça hökmany synaglar girizilýär.

Deputatlar bu üýtgetmeleri döwlet dilini goramagyň zerurlygy bilen düşündirdiler. “Eger gyrgyz diline beýle biparh garasak, öňümizdäki ýyllarda milletligimizi ýitireris” diýip, AFP agentligi parlamentiň spikeri Nurlanbek Turgunbek uulunyň 25-nji iýunda eden çykyşyndan sitata getirýär.

Gyrgyzystanda rusça resmi dil statusyna eýedir.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurdy milli dilleriň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen dil kanunçylygyna üýtgetmeleri kabul etdi.

XS
SM
MD
LG